Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Senator Grem: Tramp Russiýa garşy sanksiýalaryň güýçlendirilmegini goldady


Lindsi Grem
Lindsi Grem

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Russiýa garşy sanksiýalar baradaky täze kanun taslamasynyň ilerledilmegini goldady. Bu barada taslamanyň awtory, respublikan senator Lindsi Grem ABC telekanalyna beren interwýusynda mälim etdi.

Onuň sözlerine görä, bu taslama Trampa Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini Ukraina bilen gepleşiklere mejbur etmek üçin serişde berýär.

Grem taslamanyň işleýiş mehanizmi barada hem maglumat berdi, eger bir ýurt Russiýadan haryt satyn alyp, Ukraina kömek etmeýän bolsa, ol ýurduň ABŞ-a edýän eksportyna 500 göterimlik gümrük paçlary salnar. Senator şeýle ýurtlaryň hatarynda Russiýadan energiýa serişdelerini satyn alýan we şeýdip Moskwanyň harby pudagyny goldaýan Hindistany we Hytaýy agzady.

Gremiň sözlerine görä, bu başlangyjy eýýäm 100 senatoryň 84-si goldady. Kanun taslamasyna tomusky arakesmeden soňky döwürde, 7-nji iýuldan başlap garamak meýilleşdirilýär.

Mundan ozal, Tramp Russiýa garşy sanksiýalar barada gapma-garşy pikirleri beýan edipdi; käwagt olary girizmäge taýýardygyny aýdypdy, käte bolsa Moskwa bilen Kiýewiň arasynda bolmagy mümkin gepleşiklere päsgel bermek islemeýändigini belläpdi.

XS
SM
MD
LG